Google Play 2024-nji ýylyň iň gowy programmalaryny we oýunlaryny yglan etdi

  • 20.11.2024 15:53
  • 15k+

Google ABŞ-da dürli kategoriýalarda şu ýylyň iň öňdebaryjy programmalaryna, oýunlaryna we kitaplaryna berilýän 2024-nji ýylyň Google Play’s Best baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi.

Kompaniýa 2024-nji ýylda Google Play-iň ýönekeý bir programmalar dükanyndan has ýokary zat bolandygyny belledi. Işläp düzüjileri goldamak maksady bilen, kompaniýa “elýeterliligi ýokarlandyrdy, oýun mümkinçiliklerini giňeltdi, awtorlar üçin baýraklary ýokarlandyrdy we mazmunyň öz wagtynda ýetirilmegini üpjün etdi”. Google işläp düzüjileriň we çykaryjylaryň adamlara nirede bolsa-da, islendik gurluşda täze programmalary, oýunlary we kitaplary tapmaga kömek etmegi dowam etdirmegine umyt bildirdi.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň iň gowy programmasy çäreleri meýilleşdirmek üçin Partiful platformasy boldy. Ol düşnükli dizaýny we çakylyklary döretmäge täze çemeleşmesiniň netijesinde iň gowy programma diýlip ykrar edildi. Programmanyň içindäki Party Genie guraly çakylyklary çalt taýýarlamaga kömek edýär we potensial myhmanlara ýönekeý salgylanmanyň kömegi bilen özüniň gatnaşýandygyny tassyklamagyň çalt usulyny hödürleýär.
AFK Journey rol oýny personažlaryň giň sanawy we gyzykly taktiki söweş ulgamy netijesinde Google Play-de 2024-nji ýylyň iň gowy oýny boldy.
Iň gowy multiplatfoma programmasy hökmünde Max ykrar edildi. Ol teleşoularyň, filmleriň we asyl mazmunyň giň kitaphanasy hem-de köp gurluşlarda tomaşany dowam etdirmek mümkinçiligi bilen tapawutlandy. Programma ulanyjynyň ýerleşýän ýerine we ulanýan gurluşyna garamazdan, tomaşanyň ýokary derejede amatlylygyny üpjün edýär.
Clash of Clans iň gowy multiplatforma oýny nominasiýasynda ýeňiji boldy. Oýnuň eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri bardygyna garamazdan, şu ýyl onuň meşhurlygy PK-da we Chromebook-da ösdürilmegi netijesinde artdy.
Beýleki nominasiýalarda ýeňijiler şulardan ybarat:

  • ·“Güýmenje üçin iň gowusy”: Mila by Camilla Lorentzen;
  • ·“Şahsy ösüş üçin iň gowusy”: UpStudy – Camera Math Solver;
  • ·“Her gün üçin iň gowusy”: MacroFactor – Macro Tracker;
  • ·“Iň gowy gizlin hazyna”: Timeleft;
  • ·“Sagatlar üçin iň gowusy”: Baby Daybook – Newborn Tracker;
  • ·Uly ekranlar üçin iň gowusy”: Infinite Painter;
  • ·“Google TV üçin iň gowusy”: Peacock TV: Stream TV & Movies;
  • ·“Awtomobil üçin iň gowusy”: PBS KIDS Video.

2024-nji ýylyň iň gowy oýunlarynyň hatarynda “Squad Busters”, “Eggy Party”, “Yes, Your Grace”, “Tab Time World” we beýlekiler bar.
Ýeňijileriň doly sanawy Google Play-de “2024-nji ýylda iň gowusy” sahypasynda elýeterlidir.


düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....