Google ulanylan iPhone-lary satyn alyp başlady

  • 13.12.2021 14:24
  • 9.1k+

Google Pixel 5a smartfonlary satyn alnanda ulanyjylardan ulanylan iPhone-lary yzyna satyn almak düzgünlerini täzeledi. Bu hyzmat öňräkden bäri bardy, ýöne indi ulanyjylar üçin has amatly şertler döredildi. Muny 9to5Google salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Indi resmi Google Store dükanlarynda ulanyjylar Pixel 5a-ny satyn alanda we köne iPhone-lary yzyna satanda 100 dollar arzanladyş alýarlar. Kompaniýanyň şertleri näme üçin täzeländigi belli däl. Hünärmenler munuň Apple bilen bäsdeşlik, şeýdibem öz enjamlaryny mümkin boldugyça köp paýlamak islegi bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler. Şol bir wagtyň özünde, Pixel 6 we 6 Pro satyn alnanda arzanladyş ulanylmaýar.

Ýöne Google diňe iPhone 7-den uly bolmadyk iPhone-lary kabul edýär, şeýle hem arzanladyşyň 2017-2018-nji ýyllar aralygynda çykarylan modellere degişlidigini nygtalýar.


23.06.2025 13:46
4k+

Çeýe bolup bilmek: Apple eplenýän iPhone üçin displeýleri Samsung-dan alar

Apple 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji eplenýän iPhone smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär. Smartfonlar üçin çeýe displeýler bilen üpjün ediji Samsung Display bolar diýip, analitik Ming-Çi Ko salgylanyp, CNBC habar berýär...

19.06.2025 11:17
2.8k+

Diňe Samsung I çärýekde smartfon önümçiligini ösdürip bildi

TrendForce analitikleri 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung kompaniýasynyň 64 mln smartfon çykarandygyny habar berdi – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% köpdür. Bu hem kompaniýa smartfon öndürijileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...

04.06.2025 13:43
1.5k+

Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi. CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy...

27.05.2025 13:17
3.2k+

Xiaomi ýylyň birinji çärýeginde dakylýan enjamlar bazarynda Apple-y geçdi

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Xiaomi kompaniýasy dakylýan enjamlaryň dünýä boýunça ibermeleriniň sany boýunça birinji orna çykyp, Apple-y yzda galdyrdy. Canalys analitikleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa 8,7 million enjam iberipdir, bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirilende 44% köp...