Google ulanylan iPhone-lary satyn alyp başlady

  • 13.12.2021 14:24
  • 9.3k+

Google Pixel 5a smartfonlary satyn alnanda ulanyjylardan ulanylan iPhone-lary yzyna satyn almak düzgünlerini täzeledi. Bu hyzmat öňräkden bäri bardy, ýöne indi ulanyjylar üçin has amatly şertler döredildi. Muny 9to5Google salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Indi resmi Google Store dükanlarynda ulanyjylar Pixel 5a-ny satyn alanda we köne iPhone-lary yzyna satanda 100 dollar arzanladyş alýarlar. Kompaniýanyň şertleri näme üçin täzeländigi belli däl. Hünärmenler munuň Apple bilen bäsdeşlik, şeýdibem öz enjamlaryny mümkin boldugyça köp paýlamak islegi bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler. Şol bir wagtyň özünde, Pixel 6 we 6 Pro satyn alnanda arzanladyş ulanylmaýar.

Ýöne Google diňe iPhone 7-den uly bolmadyk iPhone-lary kabul edýär, şeýle hem arzanladyşyň 2017-2018-nji ýyllar aralygynda çykarylan modellere degişlidigini nygtalýar.


03.05.2026 23:57
1.3k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

03.05.2026 16:10
2.9k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....

29.04.2026 15:00
1.3k+

Geçen ýyl Apple-yň ähli önümleriniň takmynan 1/3-i gaýtadan işlenen materiallardan boldy

Geçen ýyl Apple-niň önümlerinde ulanylan ähli materiallaryň 30%-i gaýtadan işlenen çeşmelerden alyndy. Kompaniýa özüniň ekologiýa strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanandygyny resmi taýdan......

21.04.2026 14:43
3.7k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......