Türki Döwletleriň Guramasynyň ýolbaşçysy Stambul sammitine gatnaşandygy üçin Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi

  • 10.12.2021 18:01
  • 8.1k+

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat ýollady. Onda şu ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde guralan Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirilýär.

Hatda: «Bu sammit halkara jemgyýetçiligiň hem-de türki döwletleriň ünsüni çekdi. Siz ýokary derejedäki bu duşuşygyň türki döwletleriň raýdaşlygynyň we bitewüliginiň pugtalanmagynda aýratyn, taryhy ähmiýetiniň boljakdygyny dogry bellediňiz. Türkmenistanyň bu sammite gatnaşmagy onuň keşbine täzeçillik çaýdy hem-de Türki Döwletleriň Guramasyna Türkmenistanyň goşulmagy baradaky öňdengörüjilikli çözgüdiňiz, hakykatdan-da, Siziň ýurduňyz bilen türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan ýokary tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy» diýip, guramanyň Baş sekretary Türkmenistanyň ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde “Türki dünýä garaýyş — 2040” resminamasynda berkidilen geljekki maksatlary we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge möhüm goşant goşup biljekdigine ynam bildirdi. 


29.03.2026 01:07
5.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde boldy we Haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisini geçirdi

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol Gurbanguly Berdimuhamedow......

27.03.2026 16:26
1.4k+

Aşgabatda «Ynsanperwerlik ýoly» atly halkara maslahat geçirildi

26-njy martda Aşgabadyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli «Ynsanperwerlik ýoly» atly halkara maslahat geçirildi....

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...

21.03.2026 16:48
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow: Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar

Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke interwýu wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýändigi barada sowal berdi...