Ýaponiýaly syýahatçylar Halkara kosmos stansiýasyna geldiler

Ýaponiýaly syýahatçylar Halkara kosmos stansiýasyna geldiler

Ýaponiýaly syýahatçylar – milliarder Ýusaku Maedzawa we onuň biznes kömekçisi Ýodzo Hirano Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) geldi. Ýaponiýalylar bilen bilelikde HKS-e ýörite habarçy hökmünde orbitada Russiýanyň TASS habarlar agentliginiň wekilligini açjak kosmonawt Aleksandr Misurkin hem uçdy. Bu barada euronews.com habar berýär.

Misurkin tarapyndan dolandyrylýan “Soýuz MS-20” kosmos gämisi awtomatik usulda HKS bilen birikdi. Syýahatçylar stansiýada 12 gün bolarlar.
Alymlar kosmos syýahatçylarynyň saglygyna bildirilýän talaplaryň hünärmen kosmonawtlaryňkydan tapawutlanýandygyny – olaryň has ýumşakdygyny belleýärler.
Gämi Halkara kosmos stansiýasyna ekipažyň russiýaly agzalary üçin Täze ýyl sowgatlaryny we öý tagamlaryny, şeýle-de ylmy tejribeler üçin enjamlary eltdi.
Ýaponiýaly syýahatçylar gözleg toplumynyň ylmy maksatnamasyna gatnaşarlar, şeýle-de internet ulanyjylaryň wezipelerini ýerine ýetirerler. 
Şol bir wagtyň özünde, Roskosmos döwlet korporasiýasy 2030-njy ýyldan soň Aýa uçuş syýahatlaryny hödürläp biljekdigini habar berdi.