Alymlar suwuk antenna döretdiler

  • 05.12.2021 22:35
  • 8.7k+

Alymlar konus şekilli suwuk antennany döretmek boýunça täze dizaýny teklip etdiler. Şeýle hem onuň ýygylyklaryň giň çäklerinde nähili işleýändigini seljerip gördüler. Bu barada Inderscience salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Teklip edilýän antenna arassa suw, gliserin we deňiz suwy ýaly üç görnüşli suwuklyk bilen synag edildi. Awtorlar enjamyň 300-den 850 MGs aralygyndaky ýygylyk diapazonynda 1-den 2-ä çenli naprýaženiýe boýunça dik tolkunlaryň koeffisentine ýetip biljekdigini anykladylar.
Modelirlemäniň we geçirilen tejribäniň netijeleri teklip edilýän ykjam we tygşytly konus antennasynyň giň ýygylyk diapazonyny üpjün edýändigini tassyklaýar. Şol bir wagtyň özünde, gyzykly tarapy, iş ýygylygy konusyň içindäki suwuklygyň beýikligini üýtgetmek bilen kadalaşdyrylýar. Şeýle hem onuň metal antenna garanyňda 30-40% gysgadygy we ondan çykýan radioýaýlymyň ählitaraplaýyn bolandygy bellendi.
Antenanyň şu görnüşi has çeýe hem-de has arzan düşýär diýip, çeşme belleýär.


17.06.2026 11:15
2.4k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

17.06.2026 07:37
2.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.3k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....