Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi

  • 05.12.2021 16:26
  • 13k+

Daşary ýurtly hünärmenleriň ýaşamagy we işlemegi üçin iň gowy şäherler Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Malaga (Ispaniýa), Dubaý (Birleşen Arap Emirlikleri), Sidneý (Awstraliýa) we Singapur boldy. Şeýle netijäni analitikler her ýyl düzülýän Expat Insider 2021 reýtinginde çykardylar. Bu barada Lenta.ru salgylanyp, Day.Az habar berýär. 

Derňewçileriň maglumatlary boýunça, daşary ýurtlular üçin Rim we Milan (Italiýa), Ýohannesburg (Günorta Afrika Respublikasy), Stambul (Türkiýe) we Tokio (Ýaponiýa) ýaramaz şäherler boldy.
2020-nji ýylda daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler Walensiýa, Alikante (Ispaniýa), Lissabon (Portugaliýa), Panama-Siti we Singapur bolupdy.


27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

07.02.2026 08:38
4.2k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...

30.01.2026 13:09
14k+

Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar

Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl...

01.01.2026 18:09
6.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar...