Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň onlaýn mejlisi geçirildi

  • 03.12.2021 08:52
  • 2.6k+

2-nji dekabrda  Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Taraplar gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ilerletmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilen anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de öňde durýan wezipeleri kesgitlediler. Şunda eksport-import amallaryny artdyrmaga we iberilýän harytlaryň, hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge, maýa goýumlar babatda gatnaşyklary ösdürmäge iki döwletiň ykdysadyýet edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça goşmaça çäreleri görmegiň zerurdygy bellenildi.

Senagat, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar beýan edildi. Hususan-da, ýurtlarymyzy Hazar deňzine çykalga bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilen ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak barada teklipler aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy gyrgyz hyzmatdaşlara Gündogar — Günbatar — Gündogar ugry boýunça ýükleri daşamakda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny ulanmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.


şu gün 16:45
333

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....