Finlýandiýa 2025-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygy bolar

  • 03.12.2021 00:25
  • 2.7k+

Finlýandiýa ÝHHG üçin ýubileý ýyl bolan 2025-nji ýylda bu guramanyň başlygy bolar. Bu barada Finlýandiýanyň DIM-i habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“ÝHHG Finlýandiýany 2025-nji ýyl üçin başlyk hökmünde saýlady. 2025-nji ýylda Helsinkide Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk boýunça Maslahatyň geçirilmegine we Helsinki jemleýji aktynyň tassyklanmagyna 50 ýyl dolýar. Geljekki başlyklyk Finlýandiýanyň Ýewropada parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmek işleriniň we meýilleriniň anyk subutnamasydyr” – diýlip, habarda aýdylýar.

Öň, Finlýandiýanyň prezidenti Sauli Niinistýonyň aýtmagyna görä, “Helsinkiniň ruhy” (1975-nji ýylda Helsinkide gol çekilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Maslahatynyň jemleýji aktynda görkezilen ýörelgeler) “global zerurlykdyr” we bu, onuň pikiriçe, dagynyklygy we ynamsyzlygy ýeňip geçmek üçin täsirli usuldyr”.

Finlýandiýa iň soňky gezek 2008-nji ýylda ÝHHG-niň başlygy bolupdy.


13.09.2025 16:22
1.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşiniň mejlisinde garaýyşlaryny beýan etdi

11-nji sentýabrda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Hemişelik Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ara alyp maslahatlaşma ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti jenap Pere Žoan Pons Sampýetro tarapyndan Hemişelik Geňeşe ýetiren hasabatyň çäklerinde geçirildi...

09.09.2025 23:48
1.8k+

Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili bilen duşuşdy

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Finlýandiýanyň ÝHHG-däki Ýörite wekili Teri Hakala bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady-ekologik we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar...

18.05.2025 14:12
1.8k+

Raşid Meredow ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi

17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipleri beýan etdi. Teklipleriň hatarynda:...

06.04.2025 11:31
3.1k+

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýanyň ilçileriniň ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

3-nji aprelde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Söhbetdeşler üç ölçegde...