2-nji dekabr: Türkmenistanyň çäginde garaşylýan howanyň ýagdaýy

2-nji dekabr: Türkmenistanyň çäginde garaşylýan howanyň ýagdaýy

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 2-nji dekabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär. 

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 13 metre, wagtal-wagtal 15 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11... +13°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 712 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre, käýerlerinde 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +12°, gündizine +13... +18°, kenarýaka etraplarynda +8... +13° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 753 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Awazada: howa +10... +12°, basyşy 761 mm, çyglylygy 70 — 90%.
Balkanabat şäherinde: howa +16... +18°, basyşy 760 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre, käýerlerinde 16 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +14°, gündizine +15... +20°, günorta-gündogar etraplarynda +25° çenli maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +18... +20°, basyşy 748 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Tejen şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 746 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre, käýerlerinde 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +11... +16°, gündizine +21... +26° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +23... +25°, basyşy 738 mm, çyglylygy 40 — 60%.
Baýramaly şäherinde: howa +24... +26°, basyşy 737 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre, käýerlerinde 17 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +15°, gündizine +20... +25° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +22... +24°, basyşy 740 mm, çyglylygy 45 — 65%.
Kerki şäherinde: howa +23... +25°, basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +9°, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 752 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Köneürgenç şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 753 mm, çyglylygy 55 — 75%.