Donnarumma IFFHS boýunça dünýäniň iň gowy derwezebany diýlip ykrar edildi

  • 30.11.2021 12:43
  • 3.5k+

Futbol taryhynyň we statistikasynyň halkara federasiýasy (IFFHS) Janluiji Donnarummany 2021-nji ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň gowy derwezebany hökmünde ykrar etdi. Bu barada news.sportbox.ru habar berdi.

Ses berişlikde Italiýanyň milli ýygyndysynyň we «PSŽ-niň» derwezebany 170 utuk toplady. Ikinji orunda 75 utuk bilen «Bawariýaly» nemes Manuel Noýer bar. Ilkinji üçlüge 40 utuk bilen «Çelsiniň» we Senegalyň derwezebany Eduard Mendi hem girdi.
Şu ýyl Donnarumma Italiýanyň milli ýygyndysyna Ýewropa çempionatynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi.


düýn 13:54
3.2k+

Angliýanyň Premýer-ligasynyň klublary zähmet hakyna çäk girizilmegine garşy çykdylar

Angliýanyň Premýer-ligasynyň futbol klublary zähmet haklaryna çäk girizmek baradaky teklibi ret edip, häzirki girdejililik we durnuklylyk düzgünlerini (PSR) çalyşjak täze maliýe düzgünnamasyny tassyklady. Bu barada The Times gazeti habar berdi...

24.11.2025 17:41
8k+

Messi taryhda ilkinji bolup 1300 gol+assist görkezijisine ýetdi

24-nji noýabrda irden Sinsinnatidäki “Ti-Kýu-El Stedium” stadionynda MLS Kubogynyň pleý-offunyň 1/4 finalynyň “Sinsinnati” bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky duşuşygy geçirildi. Oýun “Inter Maýaminiň” 4:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy...

22.11.2025 23:07
9.3k+

“Çelsiniň” futbolçysy Koul Palmer öýünde aýagynyň barmagyny döwdürdi. Ol "Barselona" we"Arsenal" bilen oýunlary sypdyrar

“Çelsiniň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Koul Palmer ýene hatardan çykdy – ol öýünde gije çep aýagyny gapa urup, külbikesini döwdürdi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýarymgoragçy ýaňy-ýakynda gasyk nogsanlygy sebäpli iki aýdan soň diýen ýaly dikelip, türgenleşiklere gaýdyp gelipdi...

22.11.2025 13:37
9.9k+

Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 5 basgançak ýokary galdy

  Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylda iň ýokary görkezijisine ýetdi. Milli ýygyndymyz guramanyň ýakynda täzelenen reýtinginde 137-nji basgançaga galdy...