Türkmenistanyň we Türkiýäniň baş diplomatlary maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

  • 27.11.2021 09:00
  • 4.2k+

26-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki bilelikdäki hereketleriniň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi. Şeýle-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň özara maýa goýum işjeňliginiň giňeldilmegi nobatdaky ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.


düýn 12:11
3.2k+

Türkmenistanyň Rumyniýada Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy 9-njy iýulda Ploeşti şäheriniň Medeniýet merkezinde Prahowo etrabynyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilen Aziýanyň medeniýetiniň festiwalyna gatnaşdy. Türkmenistanyň...

düýn 12:05
6.1k+

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy

Türkmenistanda Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamdow gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi bilen gutlady. "Ussat...

düýn 11:40
5.4k+

Raşid Meredow daşary ýurtly kärdeşleri bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça üçünji maslahata taýýarlygy maslahatlaşdy

10-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus, Moldowa, Burundi we Çad Respublikalarynyň daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

10.07.2025 10:14
8.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazadaky" Kongresler merkeziniň halkara maslahata taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kongresler merkezine baryp gördi. Bu ýerde awgust aýynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklar geçiriler...