Samsung özüniň täze Galaxy A03 Core smartfonyny tanyşdyrdy

  • 19.11.2021 19:09
  • 14k+

Samsung 4G/LTE dördünji nesil mobil ulgamlarynda işlemek üçin niýetlenilen Galaxy A03 Core smartfonyny tanyşdyrdy. Şeýlelikde ol elýeterli smartfonlarynyň gerimini has-da giňeltdi. Bu barada GSMArena salgylanyp, 3dnews.ru habar berdi.

Täze smartfon Unisoc SC9863A prosessoryna esaslanýar. Çipde 1,6 GGs takt ýygylykly sekiz sany Arm Cortex-A55 hasaplaýyş ýadrosy we IMG 8322 grafiki tizlendiriji bar. Enjam 2 Gb RAM-a we 32 Gb göwrümli fleş diskine eýe. Onuň elektrik üpjünçiligine 5000 mA/s kuwwatly zarýad berilýän batareýa jogap berýär.
Smartfon 6.5 dýuým HD+ Infinity-V ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu paneliň ýokarsynda f/2.2 aňrybaş diagrammaly 5MP öň kamerasy üçin kiçijik bir oýuk bar. Smartfonyň arka tarapynda 8 megapikselli datçige esaslanýan kamera bar.
Täze smartfon gök we gara reňklerde köpçülige hödürlener diýlip garaşylýar.


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...