Täjigistanda gymmat bahaly metallaryň we daşlaryň eksporty $19 mln ýokarlandy

  • 19.11.2021 14:44
  • 5.3k+

Täjigistan şu ýylyň on aýynda gymmat bahaly metallaryň, ýarym gymmat bahaly daşlaryň we metallaryň eksportyny hem-de importyny artdyrdy. Bu barada avesta.tj habar berýär.

Respublikanyň Statistika agentliginiň maglumatlary boýunça, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlaryň we metallaryň eksporty 708 mln 925 müň dollar boldy, bu hem 2020-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijilerden 19,1 mln dollar ýokarydyr.
Statistika maglumatlaryna görä, bu metallaryň eksport möçberiniň ösüşi 2020-nji ýyldaky görkezijilerden 2,8% ýokary boldy.
Görkezilen döwürde gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlaryň we metallaryň import bahasy 4,8 mln dollardan gowrak bolup, onuň ösüşi 2020-nji ýyldaky görkezijiden 3,3 esse köpdür.
Eýýäm birnäçe ýyl bäri Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrligi ýurtda altyn önümçiliginiň mukdarynyň köpelendigini habar berýär, ýöne respublikada öndürilen altynyň mukdaryny mälim etmekden saklanýar.


26.01.2026 10:21
1.4k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar...

19.01.2026 22:50
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede jemi bahasy 10 mln dollara golaý bolan geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 898 müň dollaryndan gowrak geleşikleriň 32-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar...

17.01.2026 16:51
10k+

Hytaý dünýä bazaryny polat bilen doldurdy: Eksportda täze rekord goýuldy

Söwda päsgelçilikleriniň bardygyna garamazdan, Hytaý geçen ýyly polat eksportynyň taryhy rekordy bilen tamamlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, diňe dekabr aýynda Hytaý daşary ýurtlara 11,3 million tonna polat iberip, 2015-nji ýyldaky iň ýokary görkezijisinden hem öňe geçdi...

12.01.2026 16:19
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdäniň söwdalarynyň jemi 45 million dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Owganystanyň...