Şweýsariýada koronawirusa garşy plastyryň kliniki synaglary başlar

Şweýsariýada koronawirusa garşy plastyryň kliniki synaglary başlar

Öňüni alyş sanjymlaryny öndürýän Emergex Vaccines Holding Limited britan kompaniýasy ikinji nesil COVID-19 sanjymynyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny geçirmek üçin tassyknama aldy. Synaglar 2022-nji ýylda Şweýsariýada geçiriler diýip, kommersant.ru habar berdi.

Emergex-iň bellemegine görä, sanjym bedeniň wirus aralaşan öýjüklerini tanap we ýok edip bilýän T-öýjüklerini ulanmagyň esasynda täsir edýär. T-öýjükleri bedene wirus ýokuşandan soň bada-bat işe başlaýar, wirusyň bedende köpelmeginiň, keseliň güýçlenmeginiň we wirusyň beýleki adamlara ýokuşmagynyň öňüni alýar.

Işläp düzüjileriň pikiriçe, ol häzirki bar bolan sanjymlardan tapawutlylykda, koronawirusy zyýansyzlandyrýan antikorlaryň öndürilmegine itergi berýän has uzak wagtlyk immuniteti üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, aslynda, bedende antikorlaryň sany kem-kemden azalýar we şol bir wagtyň özünde şeýle dermanlaryň täsiri gowşaýar, netijede näsaglara gaýtadan sanjym etmeli bolýar.

Emergex waksinasy derä aňsatlyk bilen ýapyşýan, mikroiňňeli plastyr görnüşinde ýasalandyr. Waksina üç aýyň dowamynda otag temperaturasynda saklanyp bilner. Onuň kliniki synaglary 2022-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan başlap, Şweýsariýada geçiriler, olara 26 adam gatnaşar. Meýletinçiler iki topara bölüner, birinji topar sanjymy köp dozada, beýlekisi az dozada alarlar.