Jokowiç ATP-niň Jemleýji ýaryşynda 40-njy ýeňşini gazandy

  • 18.11.2021 18:23
  • 2.6k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ATP-niň Jemleýji ýaryşynda russiýaly Andreý Rublýowdan (6:3, 6:2) üstün çykdy. Bu onuň ýaryşyň taryhyndaky 40-njy ýeňşi boldy diýip, sport-express.ru habar berdi.

Bu ýeňşiň netijesinde Jokowiç ýaryşyň ýarym finalyna çykdy. Ondan öň Russiýanyň wekili Daniil Medwedew hem ýarym finala çykmagy başarypdy. Toparçalaýyn ýaryşyň soňky oýnunda serbiýaly türgen tirseginiň şikesleri sebäpli ýaryşdan çekilen grek Stefanos Sisipasyň ornuny tutan iňlis Kameron Norri bilen bäsleşer.
Ýeri gelende bellesek, 34 ýaşly Nowak Jokowiç ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň bäş gezek ýeňijisidir.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......