Toyota kompaniýasy Camry awtoulagyny 2022-nji model ýylyna täzeledi

  • 18.11.2021 18:49
  • 24k+

Toyota özüniň Camry awtoulagyny 2022-nji ýyl modeline täzeledi. Bu barada motor.ru habar berdi.

Dünýäde sedanlaryň satuwynyň pese gaçmagyna garamazdan, Camry awtoulaglaryna bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Şonuň üçinem täze model ýylynda Toyota şonsuzam ýaňy-ýakynda täzelenen awtoulaga kän bir üýtgeşme girizmedi. Onda esasy täzelik uzagy ýagtyldýan çyrany awtomatiki işledýän we ýol belgilerini tanap bilýän “Toyota Safety Sense 2.5+” täze işjeň howpsuzlyk bukjasy bolup durýar.
Toyota Camry-de uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşy indi “Traffic Sign Recognition” bilen işleýär, şonuň üçin awtoulag indi tizlik çägini özbaşdak saklamagy başarýar. Yzky oturgyçdaky ýolagçy baradaky ýatlatma hem, edil iki zolakly klimat-kontrol ýaly, täzelenmäniň öz komplektasiýasyna girýär. Multimedia ulgamynyň ekrany ýedi ýa-da dokuz dýuým bolup biler.


düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......