Toyota kompaniýasy Camry awtoulagyny 2022-nji model ýylyna täzeledi

  • 18.11.2021 18:49
  • 24k+

Toyota özüniň Camry awtoulagyny 2022-nji ýyl modeline täzeledi. Bu barada motor.ru habar berdi.

Dünýäde sedanlaryň satuwynyň pese gaçmagyna garamazdan, Camry awtoulaglaryna bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Şonuň üçinem täze model ýylynda Toyota şonsuzam ýaňy-ýakynda täzelenen awtoulaga kän bir üýtgeşme girizmedi. Onda esasy täzelik uzagy ýagtyldýan çyrany awtomatiki işledýän we ýol belgilerini tanap bilýän “Toyota Safety Sense 2.5+” täze işjeň howpsuzlyk bukjasy bolup durýar.
Toyota Camry-de uýgunlaşdyrylan kruiz dolandyryşy indi “Traffic Sign Recognition” bilen işleýär, şonuň üçin awtoulag indi tizlik çägini özbaşdak saklamagy başarýar. Yzky oturgyçdaky ýolagçy baradaky ýatlatma hem, edil iki zolakly klimat-kontrol ýaly, täzelenmäniň öz komplektasiýasyna girýär. Multimedia ulgamynyň ekrany ýedi ýa-da dokuz dýuým bolup biler.


şu gün 12:30
1.8k+

Toyota ýene yzda galdy: Tesla Model Y bassyr üç ýyl bäri dünýäniň iň köp satylýan awtoulagy boldy

Tesla Model Y yzygiderli üç ýyl bäri dünýäde iň köp satylýan awtoulag bolmagynda galýar. Bu barada Tesla kompaniýasy habar berdi. Modeliň umumy satuwy 4 million awtoulagdan geçdi. 2023-nji ýylda Model Y bir ýylda takmynan 1,223 million sany satylmak bilen, ilkinji gezek Toyota RAV4 we Corolla modellerinden öňe geçmegi başardy...

15.03.2026 11:55
3.9k+

Toyota sürüjileriň nägileliklerinden soň GR Yaris-iň ruluny doly täzeledi

Toyota kompaniýasy GR Yaris hetçbegi üçin täze rul döretdi. 2026-njy ýylyň modeli üçin girizilen bu üýtgeşmeler ruly tutmagyň oňaýsyzlygyndan şikaýat eden sürüjileriň seslenmelerine jogap hökmünde amala aşyryldy...

11.03.2026 17:18
2.5k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

08.03.2026 00:12
4.8k+

Täze Toyota RAV4 Plug-in Hybrid öňki neslinden has arzan we kuwwatly boldy

Toyota kompaniýasy ABŞ-nyň bazary üçin 2026-njy model ýylynyň Toyota RAV4 Plug-in Hybrid krossoweriniň bahalaryny mälim etdi. Täze wersiýa öňki nesliň modellerinden has arzan boldy, şol bir wagtyň özünde onuň görnüşleriniň sany artdyryldy...