Türkmen lukmanlary Mýunhen şäherinde iş saparynda bolarlar

  • 17.11.2021 18:02
  • 5.4k+

Hökümetiň 16-njy noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna garamagyna şu ýylyň 21—24-nji noýabry aralygynda türkmen hünärmenleriniň wekilçilikli toparyny Mýunhen şäherine, Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasyna iş sapary bilen ugratmak baradaky teklibi hödürledi.

Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda Ýwropanyň we dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň iri lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Türkmen lukmanlary GFR-iň iri klinikalarynda dürli ugurlar boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar, ýurdumyza nemes hünärmenleri iş sapary bilen gelýärler. 2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda we Germaniýada 9 forum geçirildi, şolaryň gün tertibine saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere mundan beýläk-de nemes hyzmatdaşlar bilen däp bolan gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.


20.04.2026 16:07
9.1k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......

20.04.2026 15:54
6.1k+

Osteoartroz ýekeje sanjym arkaly bejeriler

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň alymlary osteoartrozdaky bogunlaryň dargama prosesini yzyna öwürmäge ukyply dermanlary ýetirmegiň täzeçil ulgamyny döretdiler. Haýwanlar arkaly geçirilen tejribeler......

16.04.2026 16:48
5k+

Pekin lukmançylyk uniwersitetiniň wekiliýeti Arkadag şäherine baryp gördi

15-nji aprelde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat......

15.04.2026 23:40
3k+

BAE-de semizlige garşy dünýäde gerdejik görnüşli ilkinji derman ulanmaga rugsat berildi

Birleşen Arap Emirliklerinde semizlige garşy dünýäde ilkinji gerdejik görnüşindäki dermanyň ulanylmagy makullandy. Bu barada «Khaleej Times» neşiri habar berýär....