Hytaýlylar iki sekuntda 15,64 million dollarlyk iPhone satyn aldylar

  • 16.11.2021 14:00
  • 9.5k+

Ýakynda "11.11" uly arzanlaşygy geçirildi. Aksiýanyň dowam edýän mahaly hytaýly JD.com we Alibaba internet dükanlary rekord satuwy görkezdiler diýip, ferra.ru habar berdi.

Söwda mahaly JD.com hytaýlylaryň iki sekuntda 15,64 million dollarlyk iPhone satyn alandygyny habar berdi. Munuň özi özboluşly rekord bolup durýar. Ýöne, gynansak-da, iPhone-yň haýsy modelleriniň satylandygy mälim edilmedi. Umuman aýdanyňda, hytaýlylar soňky satuwda işjeňlik görkezdiler. JD.com şu ýyl, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 28% ösüş gazandy.

JD.com ýakynda "11.11" aksiýasynda Xiaomi-niň has köp girdeji gazanandygyny habar berdi. Ol beýlekilere garanyňda has köp smartfon satmagy başardy. Bu babatda ondan soň Apple we Honor ýerleşdi.  Gyzykly ýeri, iň köp satuwy Redmi golçur markasy görkezdi.


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......