Xiaomi Redmi Note 11T-ni 30-njy noýabrda çykarar

  • 16.11.2021 09:17
  • 7.5k+

Xiaomi özüniň Redmi Note 11T 5G smartfon ugruny 30-njy noýabrda Hindistanda tanyşdyrar. Telefon üç wersiýada çykar we olaryň bahasy 228 dollardan başlar. Bu barada “Moneycontrol” insaýderine salgylanyp, ixbt.com habar berdi.

Syzdyrylan maglumatlara görä, Redmi Note 11T smartfony 6,6 dýuým ekran, bir kristally Dimensity 810 ulgamy we 33 watt zarýad bermegi goldaýan 5000 mA/h akkumulýator bilen üpjün ediler. Smartfon Poco M4 Pro 5G-iň täzelenen görnüşi bolmaly diýlip garaşylýar.

Redmi Note 11T 5G-de kamera üçin deşik, gapdal barmak yzy skaneri, 1080x2400 piksel durulykdaky 90 Hz şekil täzeleniş tizlikli ekran bolar. Esasy kameranyň 50 megapiksel, öň tarapky kameranyň bolsa 16 megapiksel şekil datçigi bolar. Ol “Android 11”-iň esasynda MIUI 12.5 bilen işlär. Smartfonda Wi-Fi, Bluetooth, GPS, 5G, gulaklyk üçin ýer we USB-C porty bolar.

Smartfonyň esasy wersiýasy 6 Gb RAM we 64 Gb fleş ýady bilen üpjün ediler we onuň bahasy 228 dollar bolar. 6/128 GB we 8/128 GB wersiýalary bolsa, degişlilikde, 242 dollar we 269 dollar bolar diýlip garaşylýar.


11.06.2026 14:01
7.6k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.7k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

08.06.2026 17:48
7.5k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......