13-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howa maglumaty

13-nji noýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howa maglumaty

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň 13-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny siziň dykgatyňyza ýetirýär.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +9... +14°, kenarýaka etraplarynda +5... +10° maýyl bolar.
Türkmenbaşy şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 763 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Awazada: howa +7... +9°, basyşy 768 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Balkanabat şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 771 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +6°, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Änew şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 742 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Tejen şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 751 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +4° çenli, gündizine +8... +13° maýyl bolar.
Mary şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 748 mm, çyglylygy 65 — 85%.
Baýramaly şäherinde: howa +11... +13°, basyşy 747 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -2° sowukdan +3° çenli, gündizine +9... +14° maýyl bolar.
Türkmenabat şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 750 mm, çyglylygy 50 — 70%.
Kerki şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 745 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan tizligi sekuntda 6 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -5° sowuk, gündizine +4... +9° maýyl bolar.
Daşoguz şäherinde: howa +6... +8°, basyşy 761 mm, çyglylygy 60 — 80%.
Köneürgenç şäherinde: howa +5... +7°, basyşy 763 mm, çyglylygy 55 — 75%.