SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon-3 kosmos gämisi HKS-e ugur aldy

  • 11.11.2021 23:35
  • 5.6k+

SpaceX kompaniýasynyň dolandyrylýan Crew Dragon gämisi Falcon 9 raketasynyň ikinji basgançagyndan üstünlikli bölünip aýryldy we Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) ugur aldy.

«Astronawtlar [ABŞ-dan] Raja Çari, Tom Marşbern we Kaýla Berron Ýewropa kosmos agentliginiň astronawty Matias Maurer HKS-e takmynan 22 sagatdan, ýagny 11-nji noýabrda gündogar standart wagty bilen 19:10-da (Aşg. wagty bilen 05:10, 12-nji noýabr - red.) baryp ýetmeli» - diýip NASA habar berýär.

Ekipažyň agzalary — Crew-3 Endurance maksatnamasynyň astronawtlary orbitada alty aýa golaý bolarlar.
Mundan öň, kosmosa uçuş ýaramaz howa şertleri sebäpli birnäçe gezek yza süýşürilipdi.
Bu gezekki uçurylyşdaky kosmos gämisi ilkinji gezek ulanylýar.
Mundan öň, sişenbe güni, 9-njy noýabrda Atlantika ummanynda Florida ştatynyň kenarlarynda Crew Dragon Endeavour kosmos gämisi üstünlikli gaýdyp geldi. Onuň bortunda Crew-2 maksatnamasynyň astranawtlary Şeýn Kimbrou we Megan Makartur, Ýewropa kosmos agentliginiň astronawty Toma Peske, şeýle hem Aerokosmiki barlaglaryň ýapon agentliginiň astronawty Akihiko Hoside bardy.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

23.05.2026 15:01
3.7k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......