Xiaomi Pakistanda hem smartfon öndürip başlar

Xiaomi Pakistanda hem smartfon öndürip başlar

Hytaýyň IT ägirdi 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Pakistanda Redmi we POCO smartfonlaryny ýygnap başlar. Bu barada Xiaomi-niň ýerli hyzmatdaşy Air Link Communication Limited kompaniýasynyň beýannamasynda aýdylýar diýip, ferra.ru habar berýär.

Ýakynda Air Link Communication Limited kompaniýasy Hytaýyň kompaniýalarynyň biri bilen şertnama baglaşandygyny Pakistanyň gazna biržasyna habar berdi. Air Link bu şertnamanyň esasynda belli bir brendleriň smartfonlaryny öndürmek mümkinçiligine eýe bolar. Muňa garamazdan, ol diňe Xiaomi kompaniýasyna degişli telefonlary öndürermi ýa-da Samsung, Vivo ýaly beýleki brendleriň telefonlaryny hem çykararmy - bu heniz belli däl.

Soňky wagtlar Hytaý kompaniýalary enjamlary üçin önümçilik nokady hökmünde üçünji ýurtlary saýlamagy däbe öwrüp barýarlar. Adatça bolsa bu ýagdaýda üçünji ýurt hökmünde Hindistan saýlanýardy. Xiaomi-niň bu gezek aýratyn ýol tutmagy köpleri haýran galdyrdy diýip, çeşme belleýär.