Alymlar Ýeriň haýal aýlanyp başlandygyny ýüze çykardylar

  • 06.11.2021 17:27
  • 19k+

Ýeriň aýlanyşy, geçen ýyldaky tizligi bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda haýallady. Bu barada Ýeriň aýlanyşy we hasaplama ulgamlary boýunça halkara gullugyna (IERS) salgylanyp, teleport2001.ru habar berdi.

Şeýlelik bilen, alymlar planetanyň gündelik aýlanyşynyň ýylyň dowamynda dürli tebigy hadysalar sebäpli hem üýtgäp durýandygyna ünsi çekdiler. Diýmek, Ýer titremeleri, daşgynlar we gaýtgynlar hem Ýeriň aýlanyşyna täsir edýär. 2020-nji ýylda planeta günde çak edilýän 86,400 sekuntdan has çalt aýlandy. Iň gysga gün 1,4602 millisekunt çalt dowam eden 19-njy iýul boldy. Emma eýýäm 2021-nji ýylda planetanyň aýlanmasy haýallady. Ýeriň bir doly aýlawynyň ortaça görkezijileri 0,5 millisekunt azaldy.

Ýewropa kosmos gullugynyň Halkara kosmos stansiýasynda ýerleşýän kosmonawty Tomas Peskiň güýçli Gün alawlarynyň täsirini görkezýän wideony ýazgy edendigi Jemgyýetçilik habarlary gullugy tarapyndan habar berildi. Ondan görnüşi ýaly, 31-nji oktýabrda X derejeli gün şöhlesinden soň Ýeriň magnitosferasynda magnit tupany başlandy diýip, çeşme belleýär.


şu gün 10:53
487

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....