Dünýä ýurtlarynyň 80%-i uglerod bitaraplygyny gazanjak möhletlerini kesgitlediler

  • 01.11.2021 23:15
  • 3.5k+

Dünýädäki döwletleriň, takmynan, 80%-i belli bir möhlete çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär. Bu barada Glazgoda açylan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 26-njy konferensiýasynyň (COP26) başlygy Alok Şarma metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Häzirki wagtda ýurtlaryň 80%-e golaýy belli bir möhlete çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýär, bu birnäçe ýyl ozalkydan ep-esli köpdür. COP26 global temperaturanyň ýokarlanmagyny bir ýarym gradusyň çäginde saklamagyň amal edip boljak wezipedigini görkezmäge gönükdirilýär” – diýip, ol aýtdy. Şarmanyň bellemegine görä, bu meselede G20 ýurtlarynyň orny aýratyn möhümdir, çünki ähli bug zyňyndylarynyň, takmynan, 80%-i olaryň paýyna düşýär.

COP26-yň başlygy G7 ýurtlarynyň global derejede kömür energetikasyny maliýeleşdirmegi bes etmek baradaky kararynyň soňky aýlarda howanyň üýtgemegine garşy göreşe möhüm goşant goşandygyny belledi.

Şol bir wagtyň özünde, ol ösüp barýan ýurtlarda ýaşyl energetika geçişiň has ösen ýurtlaryň maliýe goldawy bilen amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ol Kanadanyň we GFR-iň ýolbaşçylygynda global ýylama garşy göreşiň halkara maliýeleşdirilmesini ýokarlandyrmagyň anyk mehanizmini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan tagallalary belläp geçdi. “2023-nji ýyla çenli ösen ýurtlar bu maksatlar üçin ýylda 100 mlrd dollar berip bilerler. 2025-nji ýyla çenli bolsa umumy bäş ýyllyk döwürde 500 mlrd dollardan gowrak pul ýygnalar” – diýip, Şarma aýtdy.


düýn 20:16
1.2k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

03.06.2026 12:21
9k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......

28.05.2026 11:57
3.9k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....