Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi III çärýekde 2,6 esse ýokarlandy

Saudi Aramco-nyň arassa girdejisi III çärýekde 2,6 esse ýokarlandy

Saud Arabystanynyň döwlet kompaniýasy Saudi Aramco-nyň 2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisi 30,4 mlrd dollar boldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 2,6 esse ýokarydyr diýip, kompaniýa habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Habar berlişi ýaly, ikinji çärýekde Saudi Aramco 25,5 mlrd dollar arassa girdeji aldy. Şeýlelik bilen, görkezijiniň geçen çärýege garanda ösüşi 19,2% boldy.

Kompaniýa girdejiniň ösüşini nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy, şeýle-de energiýa çeşmelerine bolan islegiň dikeldilmeginiň we esasy bazarlarda ykdysady işjeňligiň ösmegi netijesinde nebiti gaýtadan işlemegiň girdejililiginiň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar. 

Operasion işlerden gelýän girdeji 2020-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, tas iki esse, 36,3 mlrd dollara, erkin pul akymy ýyldan ýyla 2,3 esse – 28,7 mlrd dollara çenli ýokarlandy. 

Saudi Aramco-nyň üçünji çärýekde kapital çykdajylary ikinji çärýek bilen deňeşdirilende üýtgemedi we 7,6 mlrd dollar boldy. Ýöne 2020-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdirilende, kapital çykdajylar 19% ýokarlandy.

Üçünji çärýekde uglewodorod önümçiliginiň göwrümi 12,9 mln b/g boldy (ikinji çärýekde – 11,7 mln b/g), olardan 9,5 mln b/g nebitiň paýyna düşdi. Üçünji çärýekde Saudi Aramco geçen çärýek üçin 18,8 mlrd dollar möçberinde diwidend töledi, kompaniýa üçünji çärýek üçin hem 18,8 mlrd dollar tölemegi meýilleşdirýär.