Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanda saparda bolýar

  • 30.10.2021 23:02
  • 11k+

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanda iş sapary bilen bolýar. Şu gün R.Meredow Owganystanyň Hökümetiniň başlygy Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşdy.

TDIM-niň Metbugat gullugynda habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda R.Meredow Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine, bar bolan gapma-garşylyklaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly kadalaşdyrylmagyna Türkmenistanyň aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Owganystanyň täze döwlet edaralary bilen konstruktiw dialoga we ysnyşykly işleşmäge türkmen tarapynyň taýýardygyny aýtdy.


düýn 23:15
1.5k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 20:14
1.5k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

30.04.2026 17:05
2.2k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

30.04.2026 16:01
2.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....