Aşgabatda Eýranyň IRNA agentliginiň wekilligi açylar

  • 30.10.2021 03:40
  • 6.3k+

Eýran Yslam Respublikasynyň Habarlar agentligi (IRNA) Türkmenistanda öz wekilhanasyny açar. Bu barada Tähranda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinde toparyň eýran tarapyndan başlygy, ýurduň ýol we şähergurluşyk ministri Rostame Gasemi habar berdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 26-27-nji oktýabrda Tähranda bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisi geçirildi we onuň jemleri boýunça toparyň başlygy R.Gasemi žurnalistlere iki ýurduň arasyndaky ykdysady, söwda, ylmy we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary, şol sanda KHBS ulgamynda hyzmatdaşlyk barada maglumat berdi. Onuň belleýşi ýaly, mejlisiň dowamynda taraplar Aşgabatda IRNA-nyň sebitleýin wekilligini açmak hakynda ylalaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, IRNA Eýran Yslam Respublikasynyň resmi habarlar agentligi bolup, ol Hökümet tarapyndan dolandyrylýar hem-de Medeniýet we yslam ugry ministrligi tarapyndan gözegçilik edilýär. www.irna.ir saýtynda internet arkaly işleýän bu agentlik birnäçe döwürleýin neşirleri hem çap edýär. Ýurduň çäginde onuň 60 sany edarasy bolup, dünýäniň 30-a golaý döwletinde bolsa wekilhanalary bar. 


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.5k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.9k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....