Alibaba Jek Manyň tankydy çykyşyndan soň bir ýylda gymmatyny ýitirmek boýunça dünýä lideri boldy

  • 28.10.2021 19:14
  • 7.3k+

Alibaba kompaniýasy esaslandyryjysy milliarder Jek Manyň Hytaýyň hökümetini tankytlap, çykyş edeninden bäri bir ýylyň dowamynda 344 mlrd dollar ýitirdi. Bloomberg agentliginiň maglumatlary boýunça, bu dünýäniň ähli kompaniýalarynyň arasynda iň uly pese gaçyş. Manyň çykyşy Pekiniň diňe bir Alibaba däl, eýsem Hytaýyň ähli hususy kärhanalaryna basyşyny güýçlendirdi diýip, secretmag.ru belleýär.

Dünýädäki has arzanlan on kompaniýanyň sekizisi Hytaýyň kompaniýalarydyr. Şeýlelikde, bu antireýtingde ikinji orny 104 mlrd dollar ýitiren gysga wideo hyzmatyny işläp düzüji Kuaishou Technology eýeledi. Onluga ätiýaçlandyryş kompaniýalary Ping An Insurance ($66,1 mlrd arzanlady) bilen China Life Insurance (minus $50,8 mlrd), IT-ägirdi Tencent (minus $65,4 mlrd), gozgalmaýan emläk bazarynda hyzmatlary hödürlemek üçin platforma KE Holdings (minus $50,3 mlrd), EdTech-hyzmaty TAL Education (minus $39,1 mlrd) we RLX kompaniýasy (minus $36,7 mlrd) girdi.

Sanawda wideo aragatnaşyk üçin amerikan serwisi Zoom (minus $63 mlrd) we Ýaponiýanyň Softbank kompaniýasy hem (minus $40,9 mlrd) bar.

2020-nji ýylyň ahyrynda Jek Ma Hytaýyň maliýe ulgamynyň gurluşyny tankytlap çykyş etdi. Muňa jogap edip häkimiýetler Alibaba-nyň golçur kärhanasy Ant Group-yň IPO çykmagyny togtatdylar, şondan soň monopoliýa garşy derňew işine başladylar, onuň netijesi hem rekord derejede jerime we işewürlik modelini gaýtadan gurmak talaby boldy.

Manyň çykyşyndan öň Alibaba-nyň paýnamalary iň ýokary derejededi. 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabry boýunça, biržada bir paýnamanyň bahasy 23 dollara golaý boldy.

şu gün 20:25
1.4k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......