R.Meredow Owganystanyň goňşy döwletleriniň ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

  • 28.10.2021 13:10
  • 4.7k+

27-nji oktýabrda EYR-nyň Tähran şäherinde Owganystanyň goňşy döwletleriniň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Onda daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi.

Nobatdaky gepleşiklere Özbegistanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary, şeýle-de Russiýanyň hem-de Hytaýyň wekilleri gatnaşdylar. Diplomatlar Owganystanda milli toparlaryň ählisiniň gatnaşmagynda inklýuziw hökümetiň döredilmeginde taraplaryň özara goldaw bermeklige gönükdirilen tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyna aýratyn üns berdiler. Owgan topragynda abadançylygyň üpjün edilmegi hem-de ýurduň sebit ähmiýetli iri göwrümli ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara işjeň çekilmeginiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy duşuşygyň esasy mowzuklarynyň hatarynda boldy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......