«Tatneft» Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak üçin täze taslamalary hödürledi

  • 28.10.2021 12:59
  • 4.6k+

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi, onuň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagy ugur edinýän bilelikdäki taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew alnyp barylýan işler barada hasabat berdi, şeýle hem slaýdlar arkaly Balkan welaýatynda ýerleşen Goturdepe we Altyguýy ýataklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumatlary getirdi.

Döwlet konserniniň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde taýýarlanan teklibi hödürledi. Hususan-da, hereket edýän şertnamanyň çäklerinde işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Soňra Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, günbatar Türkmenistanyň käbir ýataklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Işewür Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk tekliplerini hödürledi.

Türkmen Lideri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnamalaryň esasynda “Goturdepe” känindäki guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda işleriň oňyn netijeleriň alynmagyna gönükdirilmelidigini nygtady.


18.06.2026 12:32
5.1k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
1.9k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......