Berdimuhamedow onlaýn usulda ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň açylyşyna badalga berdi

  • 24.10.2021 09:37
  • 6.5k+

23-nji oktýabrda Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow onuň açylyş dabarasyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Türkmen Lideri açylyş dabarasynda eden çykyşynda Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energoulgamy taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň bir bitewi energoulgamyny döretmäge mümkinçilik berjekdigini mälim etdi. Şonuň netijesinde onuň birinji tapgyrynda Ahal-Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze elektrik geçirijisini gurmak meýilleşdirildi.

Türkmen gurluşykçylary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilen bu taslama arkaly geljekde Balkan-Daşoguz böleginiň gurluşyk gurnama işleri dowam etdirilip, ony bir bitewi energoulgamyna birikdirmek işi tamamlanar. Şunlukda, her hili howa şertlerinde-de ýurdumyzyň ähli sebitleri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün ediler.

Soňra türkmen Lideri onlaýn usulda täze taslamanyň açylyşyna badalga berdi we dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň energetika pudagynyň gazananlaryna hem-de täze taslama bagyşlanan wideofilm görkezildi.

TmCars.info-nyň Hökümetiň 22-nji oktýabrda geçirilen mejlisine salgylanyp, ozal habar berşi ýaly, ýurdumyzyň iki welaýatyny baglanyşdyran ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny artdyrmak üçin hem tehniki mümkinçilikleri döreder. Halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasynyň çäklerinde Ahal-Balkan, Balkan-Daşoguz we Ahal-Mary ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiler we podstansiýalar toplumy gurlar.


şu gün 10:14
5.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow "Awazadaky" Kongresler merkeziniň halkara maslahata taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy

9-njy iýulda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kongresler merkezine baryp gördi. Bu ýerde awgust aýynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklar geçiriler...

düýn 11:12
1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

düýn 11:02
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

düýn 10:18
4.7k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...