Новая высоковольтная линия электропередачи Ахал–Балкан готова к эксплуатации

  • 23.10.2021 14:42
  • 4.5k+

Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylmagyna taýýarlyk görülýär. Bu barada Hökümetiň 22-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, zerur enjamlar, serişdeler hem-de ulag tehnikalary satyn alyndy. Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijini çekmek boýunça işler ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyryldy. Täze elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabarany ýokary derejede guramak maksady bilen, çäreleriň degişli meýilnamasy düzüldi.

Ýurdumyzyň iki welaýatyny baglanyşdyran ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny artdyrmak üçin hem tehniki mümkinçilikleri döreder.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp: «Ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli geçiriljek dabara ägirt uly taslamanyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylandygyny alamatlandyrýar, şol taslamanyň esasy maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmekden ybaratdyr» diýip nygtady.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

27.06.2026 19:26
1.8k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

26.06.2026 20:55
3.1k+

Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана

25 июня в здании парламента Японии в Токио бывшему председателю японо-туркменской парламентской Лиги дружбы Тошиаки Эндо вручили юбилейную медаль Туркменистана «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna»,......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Туркменистан и Казахстан определили новые направления экономического сотрудничества

24 июня в Астане состоялось очередное заседание Совместной межправительственной комиссии по экономическому, научно-техническому и культурному сотрудничеству между Туркменистаном и Казахстаном. По итогам......