Bi-bi-si XXI asyryň iň gowy seriallarynyň sanawyny hödürledi

  • 22.10.2021 16:19
  • 7.7k+

Britaniýanyň Bi-Bi-Si ýaýlym korporasiýasy kompaniýanyň hünärmenleriniň pikiriçe XXI asyryň iň gowulary bolan 100 serialyň sanawyny hödürledi. Degişli sanaw Bi-bi-si saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

Bu sanawda birinji orny 2002-nji ýylyň iýun aýyndan 2008-nji ýylyň mart aýyna çenli HBO teleýaýlymynda çykan “The Wire” amerikan kriminal dramasy eýeledi. Ikinji orny 2007-nji ýylyň iýul aýyndan 2015-nji ýylyň maý aýyna çenli AMC teleýaýlymynda ýedi möwsümi görkezilen “Mad Men” drama serialy eýeledi. Ol “Iň gowy drama serialy” kategoriýasynda yzygider dört Emmy baýragyny aldy.

Üçünji orunda “Breaking Bad” serialy ýerleşdi. Ol köpçülik we tankytçylar tarapyndan giň goldawa eýe boldy, şeýle-de iň gowy köp bölümli amerikan filmleriniň biri diýlip atlandyryldy. “Breaking Bad” köp sanly dürli baýraklara mynasyp boldy. Onuň bölümleri 2008-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2013-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli AMC ýaýlymynda görkezildi.

Dördünji orny “Fleabag” komediýa-drama serialy eýeledi. Onuň premýerasy 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda boldy, jemleýji möwsümi 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde tamamlandy. Sanawyň bäşinji ornunda HBO ýaýlymyndan “Game of Thrones” serialy ýerleşdi. Ol 2011-nji ýylyň 17-nji aprelinden 2019-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli ekrana çykdy. 

Top-20-e Netflix-den “BoJack Horseman” multiplikasion serialy, “Six Feet Under” komediýa dramasy, “Twin Peaks: The Return” atly amerikan teleserialynyň üçünji möwsümi, “Atlanta” komediýa-drama serialy, “Chernobyl” mini-serialy, “The Crown” taryhy dramasy, “30 Rock” komediýa teleserialy, “Deadwood” we “Lost” amerikan drama seriallary, şeýle-de “The Thick of It” satiriki serialy girdi. Sanawy premýerasy 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda bolan Netflix-iň “The Queen’s Gambit” taslamasy jemleýär. Serial 11 sany Emmy baýragyna, şol sanda iň gowy mini-serial üçin baýraga, şeýle-de iki “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy.

Iň gowy seriallaryň reýtingini düzmäge 43 ýurtdan 206 kino tankytçysy, žurnalist, alym we telewizion pudagynda beýleki hünärmenler gatnaşdy hem-de 2000-nji ýylyň başyndan bäri çykarylan jemi 460 sany dürli taslama gözden geçirildi. 

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....