Bi-bi-si XXI asyryň iň gowy seriallarynyň sanawyny hödürledi

  • 22.10.2021 16:19
  • 7.6k+

Britaniýanyň Bi-Bi-Si ýaýlym korporasiýasy kompaniýanyň hünärmenleriniň pikiriçe XXI asyryň iň gowulary bolan 100 serialyň sanawyny hödürledi. Degişli sanaw Bi-bi-si saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

Bu sanawda birinji orny 2002-nji ýylyň iýun aýyndan 2008-nji ýylyň mart aýyna çenli HBO teleýaýlymynda çykan “The Wire” amerikan kriminal dramasy eýeledi. Ikinji orny 2007-nji ýylyň iýul aýyndan 2015-nji ýylyň maý aýyna çenli AMC teleýaýlymynda ýedi möwsümi görkezilen “Mad Men” drama serialy eýeledi. Ol “Iň gowy drama serialy” kategoriýasynda yzygider dört Emmy baýragyny aldy.

Üçünji orunda “Breaking Bad” serialy ýerleşdi. Ol köpçülik we tankytçylar tarapyndan giň goldawa eýe boldy, şeýle-de iň gowy köp bölümli amerikan filmleriniň biri diýlip atlandyryldy. “Breaking Bad” köp sanly dürli baýraklara mynasyp boldy. Onuň bölümleri 2008-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2013-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli AMC ýaýlymynda görkezildi.

Dördünji orny “Fleabag” komediýa-drama serialy eýeledi. Onuň premýerasy 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda boldy, jemleýji möwsümi 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde tamamlandy. Sanawyň bäşinji ornunda HBO ýaýlymyndan “Game of Thrones” serialy ýerleşdi. Ol 2011-nji ýylyň 17-nji aprelinden 2019-njy ýylyň 19-njy maýyna çenli ekrana çykdy. 

Top-20-e Netflix-den “BoJack Horseman” multiplikasion serialy, “Six Feet Under” komediýa dramasy, “Twin Peaks: The Return” atly amerikan teleserialynyň üçünji möwsümi, “Atlanta” komediýa-drama serialy, “Chernobyl” mini-serialy, “The Crown” taryhy dramasy, “30 Rock” komediýa teleserialy, “Deadwood” we “Lost” amerikan drama seriallary, şeýle-de “The Thick of It” satiriki serialy girdi. Sanawy premýerasy 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda bolan Netflix-iň “The Queen’s Gambit” taslamasy jemleýär. Serial 11 sany Emmy baýragyna, şol sanda iň gowy mini-serial üçin baýraga, şeýle-de iki “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy.

Iň gowy seriallaryň reýtingini düzmäge 43 ýurtdan 206 kino tankytçysy, žurnalist, alym we telewizion pudagynda beýleki hünärmenler gatnaşdy hem-de 2000-nji ýylyň başyndan bäri çykarylan jemi 460 sany dürli taslama gözden geçirildi. 

düýn 23:03
3.2k+

Blackpink toparynyň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň ýüzi boldy

Ady belli K-pop topary Blackpink-iň aýdymçysy Roze Levi’s brendiniň täze global ilçisi boldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde brend «Backstory» atly gysga wideony hödürledi. Onda aýdymçy gyz özüniň döredijilik ýoly we geýiniş stili barada gürrüň berýär...

07.03.2026 19:41
6.7k+

Caviar bahasy 11 490 dollara çenli ýetýän Galaxy S26 Ultra kolleksiýasyny çykardy

Caviar kompaniýasy Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonynyň "Totem Collection" diýlip atlandyrylýan täze premium görnüşlerini hödürledi. Bu ýörite seriýa simwoliki jandarlardan, ýagny atdan, ýolbarsdan, möjekden we laçyndan ylham alnyp döredilen modelleri öz içine alýar...

04.03.2026 15:33
1.7k+

Louis Vuitton kompaniýasy Pasha baýramyna bagyşlanan şokolad şekiljikleriniň kolleksiýasyny çykarar

Louis Vuitton fransuz modalar öýi 2026-njy ýylyň Pasha baýramyna bagyşlanan Pasha süýji önümleri kolleksiýasynyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Satuwlar 13-nji martda başlaýar. Bu setir üç önümi öz içine alar: Egg Bag we mini Egg Bag görnüşindäki şokolad önümleri, şeýle hem towuk jüýjesiniň şekiljigi...

02.03.2026 16:04
1.2k+

Denim estetikasy ýüzüne siňen Lili-Rouz Depp Chanel-iň täze «Coco Denim» kolleksiýasyny görkezdi

Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär...