Panasonic Ýewropada telewizor önümçiligini bes eder

Panasonic Ýewropada telewizor önümçiligini bes eder

Ýaponiýanyň Panasonic kompaniýasy 2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli Çehiýadaky ýeke-täk ýewropa zawodynda telewizor öndürmegini bes eder. Bu barada Nikkei gazetine salgylanyp, www.vesti.ru habar berýär.

Zawod 1997-nji ýylda Çehiýanyň günbataryndaky Plzen şäherinde guruldy. Her ýyl kärhanada 1 mln telewizor ýygnalýar.

Kompaniýa 400-e golaý işgärini işden çykarar ýa-da olary şol zawoddaky ýylylyk nasoslarynyň önümçilik hataryna geçirer. Panasonic Ýaponiýada, Wýetnamda, Hindistanda, Hytaýda we Meksikada telewizor önümçiligini bes etdi. Şu ýyl önümçilik Braziliýada hem bes ediler. 2022-nji ýylyň mart aýyndan kompaniýa diňe iki telewizor ýygnaýjy hataryny – Malaýziýada we Taýwanda galdyrar. Bu ýurtlarda hem diňe ýokary baha kategoriýasynyň modelleri çykarylyp başlanar. 

Panasonic arzan telewizorlaryň ýygnalmagyny TCL hytaý kompaniýasyna geçirer.

Panasonic asyrlaryň çäginde dünýäde iň esasy telewizor öndürijileriň biri bolup çykyş etdi. Soňra kompaniýa birinjiligi Günorta Koreýadan we Hytaýdan bäsdeşlerine berdi, onuň dünýäniň telewizor bazaryndaky paýy bolsa 2%-e çenli azaldy.