Bill Geýts Angliýanyň ekologiýa taslamalaryna 500 mln dollardan gowrak maýa goýar

  • 21.10.2021 17:13
  • 3.1k+

Britaniýanyň hökümeti amerikaly milliarderden ýaşyl tehnologiýalara 552 million dollar maýa goýumyny almaga umyt bildirýär. Bu barada plus-one.ru habar berýär.

Maliýe serişdeleri ekologik taýdan arassa wodoroda, energiýany uzak möhletli saklamaga we howadaky kömürturşy gazyny gönüden-göni "tutmaga" gönükdiriler.

Amerikaly milliarder, Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts Iňlis hökümeti bilen arassa tehnologiýalary ösdürmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga başlady. Reýter agentliginiň habaryna görä, taraplar häzirki wagtda 2050-nji ýyla çenli zyňyndylaryň nol görkezijisini gazanmak boýunça bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşýarlar.

Premýer-ministr Boris Jonsonyň gatnaşmagynda geçirilen global maýa goýum sammitinde eden çykyşynda Bill Geýts täze tehnologiýalary ösdürmek üçin hususy maýa goýumlarynyň zerurdygyny aýtdy. Milliarderiň pikiriçe, Angliýa bilen hyzmatdaşlyk haýsy taslamalary goldamalydygyny, haýsylarynyň bolsa geljeginiň ýokdugyny kesgitlär.


düýn 13:52
1.2k+

Türkmenistanda “Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Watan” gazetiniň redaksiýasy hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan...

28.06.2025 11:09
5.9k+

Guşlaryň 500-den gowrak görnüşine ýakyn 100 ýylda ýok bolmak howpy abanýar

Geljek ýüz ýylda dünýäde guşlaryň 500-den gowrak görnüşi ýitip biler. Beýik Britaniýanyň Reding uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler diýip, Nature Ecology and Evolution žurnalynda çap edilen makala salgylanýan The Guardian habar berýär...

22.06.2025 11:53
11k+

Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy deňiz buzunyň eremegi sebäpli iki esseden gowrak azaldy

Antarktikadaky Ueddell düwlenleriniň populýasiýasy 1977-nji ýyldan bäri 54% azaldy. Bu barada Global Change Biology žurnalyndaky gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär. Gözegçilik 1970-nji ýyllardan bäri subantarktika sebitinde, aýratynam, Signýu adasynda deňiz süýdemdirijileriniň sanyny öwrenýän Britaniýanyň antarktika gullugynyň (BAS) hünärmenleri tarapyndan geçirildi...

21.06.2025 11:41
10k+

Beýik Britaniýadaky bir obany tawus guşlary eýeledi

Beýik Britaniýadaky Hibaldstou obasyny tawus guşlary eýeledi. Guşlar awtomobillere hüjüm edip, özleriniň aýnadaky keşplerine haýbat atýar. Olar baglyklara we mazarlara zeper ýetirýär, şeýle-de ýiti sesleri bilen ýerli ýaşaýjylary biynjalyk edýär diýip, The Telegraph habar berýär...