Alymlar körler üçin «akylly» hasa döretdiler

  • 21.10.2021 17:44
  • 10k+

Stenford uniwersitetiniň inženerleri görşi kadaly bolan adamlaryň, şeýle hem körleriň pyýada ýöreýiş tizligini ýokarlandyrýan hem-de nawigasiýany gowulandyrýan «akylly» hasa oýlap tapdylar. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Akylly hasa “Augmented Cane” diýlip atlandyryldy. Ol adaty hasadan, esasan, iki zady bilen tapawutlanýar. Enjam ulanyjynyň daş-töweregi barada maglumat ýygnaýan kamera ýaly dürli datçikler bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de, onda GPS we LIDAR datçikleri hem bar. LIDAR datçikleri obýektiň hasadan näderejede uzakdygyny ölçemäge kömek edýär.

Mundan başga-da, hasanyň aşaky ujunda adamyň ýöreýiş tizligini sazlamaga kömek edýän tigirçek bar. Ol adama haçan we nirä ýüzlenmelidigine düşünmäge mümkinçilik berýär. Umuman, enjam nätanyş ýerlerde arkaýyn gezmäge kömek edýär.


şu gün 00:17
679

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

12.05.2026 15:04
1.3k+

Hisense kompaniýasy hem AI-goldawy, hem dilden terjimesi bolan G11 audio äýnegini çykardy

Hisense resmi taýdan G11 akylly äýnegi bilen tanyşdyrdy, onuň esasy aýratynlygy gepleşikleri terjime etmek we dili hakyky wagtda terjime etmek üçin gurlan dil modelidir....

11.05.2026 20:26
927

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

11.05.2026 15:47
1.5k+

Google displeýsiz, elýeterli Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy

Google kompaniýasy täzelenen Fitbit hatarynyň ilkinji enjamy bolan Fitbit Air fitnes-bilezigini tanyşdyrdy. Bilezigiň kemeri bilen bilelikdäki umumy agramy bary-ýogy 12 grama deňdir....