Portugaliýada planetamyzyň ilkinji kosmonawtynyň ýadygärligi açyldy

  • 19.10.2021 14:21
  • 5.5k+

Portugaliýanyň Oeýraş şäherinde dünýäniň ilkinji kosmonawty hasaplanýan Ýuriý Gagariniň býusty açyldy. Bu barada Russiýanyň Portugaliýadaky ilçihanasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berdi.

Ýadygärligiň açylyş dabarasy Taguspark tehnoparkynda adamzadyň kosmosa ilkinji uçuşynyň 60 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen çärede bolup geçdi.

"Şu gün Ýuriý Gagariniň býustynyň açylmagy biziň halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädimidir" diýip, Russiýanyň Portugaliýadaky ilçisi Mihail Kamynin dabarada aýtdy.

Ol häzirki wagtda kosmos syýahatçylygynyň işjeň ösýändigini we ýakynda halkara kosmos stansiýasynda ilkinji çeper filmiň surata düşürilişiniň başlandygyny ýatlatdy.

"Kosmosa ilkinji uçuşy we ilkinji dünýä syýahaty amala aşyran gaýduwsyzlaryň - Ýuriý Gagariniň hem-de Fernand Magellanyň atlaryny hemişe ýatda saklarys. Biz geçmişi ýatlaman, geljege tarap hereket edip bilmeris"-diýip, Kamynin sözüniň üstüni ýetirdi.


18.04.2026 15:16
3.2k+

Dünýäniň iň uly sebitleriniň reýtingi: Saha Respublikasyndan başlap Günbatar Awstraliýa çenli

Sebitler, awtonom territoriýalar, ülkeler we ştatlar – bularyň hemmesi ýurtlaryň administratiw-territorial birlikleridir. Olar taryhy, geografik, ykdysady we etniki faktorlara esaslanyp döredilýär. Şol bir......

15.04.2026 20:08
5.3k+

Moskwada dünýäniň iň uzyn tramwaý ugry ulanylyşa girizildi

Moskwada ikinji tramwaý diametri (T2) ulanylyşa girizildi, ol şeýle görnüşdäki ugurlaryň arasynda iň uzyny boldy. Paýtagtyň häkiminiň saýtynda habar berlişi ýaly, onuň uzynlygy 33 kilometre barabar....

01.04.2026 16:26
1.4k+

Aşgabatda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda 27–29-njy mart aralygynda Rus kinofilmleriniň festiwaly geçirildi. Çäre Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermegi bilen «ROSKINO»......

01.04.2026 14:31
10k+

Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi

Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär....