Samsung Electronics smartfonlaryna film surata düşürmek kampaniýasyny başlatdy

  • 18.10.2021 19:00
  • 3.4k+

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy durmuş elektronikasyny öndürijisi Samsung Electronics özüniň Galaxy seriýasynyň smartfonlarynda film döretmek üçin birnäçe kino öndürijiler bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Seulda kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, korporasiýa “Samsung flagman smartfonlaryny ulanyp, adamlary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen” “Filmed with Galaxy” heştegi bilen sosial ulgamlarda uly kampaniýany başlatdy. Özüniň “Pride & Prejudice” (2005) kinofilmi bilen belli bolan britaniýaly režissýor Jo Raýt bu aksiýanyň ilkinji gatnaşyjysy boldy diýlip, habarda aýdylýar.

Onuň çäginde Raýtyň diňe Galaxy S21 Ultra 5G smartfonuny ulanyp, “Şagyzy we Peppernouz” (Princess & Peppernose) romantiki dramasyny – tagt mirasdüşeriniň söýgi üçin köşkdäki durmuşdan ýüz öwürýändigi hakynda wakany surata düşürendigi bellenilýär. Kampaniýa beýleki režissýorlar, şol sanda “Söýgi bizi parça-parça eder” (Love Will Tear Us Apart) we “Meniň wepaly dostlarym” (My Huckleberry Friends) filmleriniň awtory bolan Aziýada meşhur hytaýly režissýor Şa Mo hem gatnaşýar. Onuň oba mekdebiniň okuwçylarynyň durmuşy barada “Jennetiň çagalary” (Kids of Paradise) atly täze kartinasyny hem Galaxy S21 Ultra 5G enjamyna surata düşürendigi habar berilýär.

Samsung Electronics-iň maglumatlary boýunça, Raýtyň we Şa Monyň lentalarynyň premýerasy şu hepdäniň ahyryna çenli geçiriljek Koreýa Respublikasyndaky Pusan halkara kinofestiwalynda bolar.


11.04.2026 14:59
7.3k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...