BSGG immuniteti gowşak adamlara üçünji COVID-19 sanjymyny almagy maslahat berýär

  • 18.10.2021 12:01
  • 16k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy immuniteti gowşak adamlara infeksiýalaryň geçme howpunyň has ýokarydygy sebäpli COVID-19 sanjymynyň goşmaça dozasyny almagy maslahat berdi. Bu barada Reuters-e salgylanyp, vokrugsveta.ru habar berdi.

Hünärmenleriň pikiriçe, immuniteti gowşak ýa-da çynlakaý hroniki kesellerden ejir çekýän adamlara adaty iki tapgyrly sanjymdan soň goşmaça doza hödürlenmeli. Mundan başga-da, gurama Sinovac we Sinopharm sanjymlaryny doly alan 60 ýaşdan uly adamlaryň goşmaça dozany almalydygyny öňe sürýär.

BSGG-niň immunizasiýa departamentiniň başlygy Keýt O'Braýeniň sözlerine görä, häzirki wagtda dünýäde, takmynan, 3,5 milliard dozada COVID-19 sanjymy edildi.


düýn 11:31
2.9k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......