Volkswagen sürüjisiz tiz kömek ulaglaryny döreder

  • 16.10.2021 18:38
  • 9.7k+

Volkswagen geljekde öz-özi dolandyrylýan ID.Buzz miniweniniň konseptini tanyşdyrdy. Awtoulag üç görnüşde: tiz kömek, eltip bermek hyzmaty we taksi görnüşinde hödürlendi. Bu barada Volkswagen-iň Youtube kanalyna salgylanyp, "Rusbase" neşiri habar berdi. 

Bu konsept Gamburgda intellektual ulag ulgamlary boýunça Bütindünýä kongresinde hödürlendi. Bellenilişi ýaly, ID.Buzz-yň sürüjisiz tiz kömek ulagynda öňdäki oturgyç enjamlara "bakýar", oňa perpendikulýar ýerleşen ikinji oturgyç bolsa hassa üçin niýetlenendir. Daşky görnüşi boýunça bu miniwen adaty tiz kömek ulaglaryndan tapawutlanmaýar.

Miniweniň eltip beriş wersiýasynda öňdäki oturgyç hem salonyň içine gönükdirilen. Onuň taksi görnüşinde bosla 4 oturgyç we stol bar.

Çeşme, miniweniň interýerleriniň gaýtadan işlenen materiallardan, şol sanda senagat galyndylaryndan, plastmassa we köne balyk torlaryndan ýasaljakdygyny nygtaýar. Bu materiallar pol düşekleri, şeýle-de gapy kartalary we dolandyryş paneli üçin hem ulanylar.


04.07.2025 18:45
8.2k+

Germaniýada awtoulaglara öň tormoz çyralaryny oturtmak teklip edildi? Bu näme üçin gerek?

Gras Tehniki uniwersitetiniň we Bonndaky institutlaryň biriniň nemes alymlary tormoz çyralaryny diňe yzda däl, eýsem, awtoulaglaryň öňünde hem oturtmaklyk ýol howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyryp biler diýen netijä geldiler diýip, CarBuzz habar berýär...

03.07.2025 18:20
2.8k+

Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar

Volkswagen ýolagçy howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik sebäpli dünýäde 16 510 ulagy yzyna çagyrmaklyga girişdi. Kompaniýada kemçiligiň gaz generatory bilen baglanyşyklydygyny, onuň çaknyşyk wagtynda zerur goragy üpjün edip bilmejekdigini habar berdiler...

03.07.2025 10:54
4.6k+

Volkswagen, BMW we Mercedes sürüjisiz awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döreder

Volkswagen, BMW, Mercedes-Benz we başga-da Germaniýanyň sekiz kompaniýasy, şol sanda Bosch we ZF awtoulaglar üçin umumy programma üpjünçiligini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekişdiler...

19.06.2025 10:29
4.4k+

MAN Mýunhende elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine başlady

MAN kompaniýasy Mýunhen şäherindäki (Germaniýa) zawodynda elektrik ýük ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişdi. Indi elektrik we dizelli modeller bir hatarda ýygnalýar, bu bazardaky islege görä çeýeligi üpjün edýär...