Kasym-Žomart Tokaýew ýakynda Türkmenistana döwlet sapary bilen geler

  • 13.10.2021 10:53
  • 6.7k+
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Türkmen Lideriniň bu çakylygyny Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň mejlisine gatnaşýan wise-premýer Raşid Meredow ýetirdi. Bu barada akorda.kz habar berýär. 
12-nji oktýabrda Kasym-Źomart Tokaýew Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowy kabul etdi. Gazagystanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Awazada geçirilen üçünji konsultatiw duşuşygynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açandygyny aýtdy. 
Taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi, şeýle-de howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk onuň esasyny düzdi.
Raşid Meredow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirip, Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygyny gowşurdy. Gazagystanyň Prezidenti ýakyn wagtda Aşgabada sapar bilen barmaga taýýardygyny tassyklady we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna hil taýdan täze itergi berjekdigini nygtady.

11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......