Berdimuhamedow Russiýanyň we Tatarystanyň ýolbaşçylaryna pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi

Berdimuhamedow Russiýanyň we Tatarystanyň ýolbaşçylaryna pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Menzelinsk şäheriniň golaýynda adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren “L-410” kysymly uçaryň heläkçilige uçramagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmen Lideri şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, 10-njy oktýabrda irden Tatarystan Respublikasynyň gündogarynda Menzelinsk şäherinde “L-410” kysymly ýeňil motorly uçar heläkçilige uçrady. Şol pursatda habar beriş serişdeleri heläkçilikde 16 adamyň aradan çykandygyny, 6 adamyň bolsa agyr ýagdaýda hassahanada ýatandygyny habar berdiler. Gurban bolanlary hatyralamak maksady bilen, Tatarystanda 11-nji oktýabr matam güni diýlip yglan edildi.