Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmen Lideri russiýaly kärdeşini doglan güni — 69 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady. 

Russiýanyň Prezidentiniň kremlin.ru saýtynda ýurduň Lideriniň doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyňdyr telegrammalaryň gelýändigi, köp döwletleriň Baştutanlarynyň telefon arkaly gutlaglaryny beýan edýändikleri habar berilýär. 

Bellenilişi ýaly, telefon söhbetdeşlikleriniň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, golaýda TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman türkmen Lideri bilen interwýusynyň dowamynda russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen şahsy gatnaşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlyga ýetirýän täsiri barada gyzyklanyp, sowal berdi. Şonda Gurbanguly Berdimuhamedow:

— Men bu gatnaşyklara doly özara ynanyşmak, açyk, dostluk gatnaşyklary hökmünde baha berýärin, şunda ol örän anyk hem-de ahyrky netijä gönükdirilendir. Biziň ilkinji tanyşlygymyz haçanda men heniz wise-premýer wezipesinde işleýärkäm bolupdy we Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň birinde onuň ýanynda boldum. Ýalňyşmaýan bolsam, şol duşuşyk 2002-nji ýylda bolupdy. Şunlukda, biz eýýäm 20 ýyla golaý wagt bäri tanyşdyrys, hemme ugurlar boýunça hemişe ak ýürekli, göni hem-de açyk hyzmatdaşlyk edýäris — diýip jogap bermek bilen: «Meniň pikirimçe, Wladimir Wladimirowiç beýik adam, ol sada häsiýetli hem-de giň göwünli. Şeýle adam bilen söhbetdeş bolmak hemişe örän ýakymly» diýip nygtady.