Euronews: gülgüne flamingolar Türkmenistanda gyşlamazdan öň Karaköl kölüne geldiler

  • 07.10.2021 12:52
  • 19k+

Gülgüne flamingolaryň ýüzlerçesi Gazagystanyň Aktau şäherinden 15 km uzaklykda ýerleşen Karakol kölüne geldiler. Bu ýerde guşlar sürüsi gyşlamak üçin Hazar deňziniň türkmen ýa eýran kenarlaryna ugramazdan ozal düşläp geçýärler diýip, Euronews habar berýär.

Karakol kölünde her ýylda guşlaryň 80-den gowrak görnüşi düşläp geçýär, şolaryň 21-si Gyzyl kitaba girizilen. Olaryň içinde flamingolar, guwlar, ördekler agdyklyk edýär.

Gülgüne flamingolaryň ýaşaýyş arealy Ispaniýanyň günortasyndan we gündogaryndan başlap, Fransiýanyň günortasyna, Afrikanyň üsti bilen, şol sanda, Madagaskaryň üsti bilen, gündogarlygyna Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Ýakyn Gündogaryň çägini, Hindistana we Şri-Lanka çenli çägi alýar.

Belläp geçsek, gülgüne flamingolar guşlaryň arasynda uzak ýaşanlardandyr — olar 40 ýyla çenli ýaşap bilýär.
Guşlar sürüsi Karakol kölünde noýabryň ortalaryna çenli bolarlar.


düýn 11:22
3.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

düýn 10:10
2.7k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......