Samsung smartfonlary awtomobil açmagy öwrendiler

  • 03.10.2021 10:13
  • 12k+

Samsung birnäçe smartfon üçin awtomobilleri işleder ýaly sanly açar funksiýasyny işjeňleşdirdi. Bu barada “SamMobile” neşirine salgylanyp, Day.Az habar berýär.

Sentýabr aýynyň ahyryndan başlap, Samsung-yň käbir flagman smartfonlary awtomobil açmagy öwrendiler. Koreýanyň kompaniýasynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda sanly açar funksiýasy diňe täze Genesis GV60 elektromobili bilen işlär.

Bu mümkinçilik NFC we UWB tehnologiýalary arkaly amal edildi. Funksiýanyň kömegi bilen uzak aralykdan hereketlendirijini işletmek we ulagy gyzdyrmak, gapylary we ýük goýulýan ýeri açmak, aýnalaryň we oturylýan ýerleriň durşuny sazlamak bolýar. Şeýle-de, sanly açary garyndaşlaryň we dostlaryň bilen paýlaşmak bolýar. Munuň üçin olara çäkli wagtyň dowamynda ulagdan peýdalanmak hukugyny bermeli.

Häzirki wagtda funksiýa Günorta Koreýanyň çäklerinde elýeterli, geljekde ol beýleki sebitlerde hem peýda bolar. Ol Galaxy Note 20 Ultra, Galaxy S21+, Galaxy S21 Ultra, Galaxy Z Fold 2 we Galaxy Z Fold 3 flagman smartfonlarynda işleýär. 

“Biziň maksadymyz UWB ýaly mobil tehnologiýalary ösdürmegi dowam etdirmek bilen, ekoulgam boýunça ygtybarly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde bu täze mümkinçilikleri has köp adama hödürlemekden ybaratdyr” – diýip, Samsung Electronics TM Po (TM Roh) mobil kommunikasiýa bölüminiň prezidenti belledi. 


şu gün 10:51
563

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......