BSGG COVID-19-yň gelip çykyşyny derňemek işini gaýtadan dikelder

  • 29.09.2021 09:10
  • 14k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) täze subutnamalary gözlemek üçin 20 alymdan ybarat topary döredip, COVID-19 wirusynyň gelip çykyşyny derňemek işini gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär diýip, “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Muny Trend ýetirýär.

Täze patogenleriň gelip çykyşy boýunça ylmy konsultatiw topar diýlip atlandyrylan täze alymlar toparyna COVID-19-yň barlaghanada peýda bolandygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak, şeýle-de geljekki wirus töwekgelçiliklerini we adamyň özüni alyp barşy bilen baglanyşyklary has giňişleýin derňemek tabşyrylyp bilner diýip, BSGG-niň resmi adamlary aýtdylar.

Alymlar topary barlaghana howpsuzlygy we biogorag boýunça hünärmenleri, şeýle-de genetika we haýwan keselleri ugrundan hünärmenleri öz içine alar. BSGG-niň habar bermegine görä, täze başlangyç COVID-19-yň gelip çykyşyny derňemegi çaltlaşdyrmaga kömek eder.

Täze derňew BSGG-niň 2019-njy ýylyň ahyrynda ilkinji COVID-19 hadysasynyň hasaba alnan ýeri bolan Hytaýyň Uhan şäherine baryp görmegi öz içine alan başlangyç gözlegleri hytaýly alymlar tarapyndan berlen maglumatlaryň wirusyň gelip çykyşy baradaky möhüm soraglara jogap bermek üçin ýeterlik däldigini görkezenden soň geçiriler. 

ABŞ-nyň resmi adamlary, şol sanda döwlet sekretary Entoni Blinken BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň COVID-19-yň gelip çykyşynyň derňelmegini gaýtadan dikeltmegini isledi.

Şol bir wagtyň özünde, HHR-iň resmi adamlary guramanyň wirusyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly Italiýa we ABŞ ýaly beýleki ýurtlary öwrenmegini birnäçe aý bäri talap edip gelýärler. Ýagny, Pekin halkara jemgyýetçiligini Fort-Detrikde (Merilend ştaty) ýerleşen harby bazasyndaky ABŞ-nyň barlaghanasynyň işini barlamaga çagyrdy. Hytaýyň häkimiýetleri 2019-njy ýylyň tomsunda howply materiallar daşalanda tehniki howpsuzlygyň bozulandygy sebäpli, barlaghananyň wagtlaýyn ýapylandygyny ýatlap geçdiler.


02.04.2026 00:01
1.4k+

Hytaýyň Kinetica-2 täjirçilik raketasy ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady

Hytaýyň CAS Space hususy kompaniýasy Kinetica-2 raketasynyň ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Uçurylyş Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Dongfeng täjirçilik uçuş meýdançasyndan amala aşyryldy....

30.03.2026 10:56
3.5k+

Hytaýyň bir startapy kosmosda ýangyç doldurmaga niýetlenen “çeýe goly” synagdan geçirdi

Hytaýyň kosmos kompaniýasy orbitada çeýe robot goluny synagdan geçirdi. Bu işläp düzme kosmos gämilerine ýangyç guýmak we hyzmat etmek üçin niýetlenendir....

22.03.2026 03:49
3.3k+

«Şençžou-21» ekipažy orbitada ilkinji «kosmos» pomidorlarynyň hasylyny ýygdy

Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyndaky «Şençžou-21» missiýasynyň ekipažy «kosmos pomidorlarynyň» ilkinji hasylynyň üstünlikli ýygnalandygyny habar berdi. Hytaýyň merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatyna görä, astronawtlar aeroponika desgasynyň kömegi bilen "çerri" pomidorlary ösdürip ýetişdirdiler...

17.03.2026 15:50
1.7k+

Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi...