Apple 2022-nji ýylda wirtual hakykatly şlem öndürer

  • 28.09.2021 07:45
  • 5.6k+

Apple 2022-nji ýylda VR gulaklygyny, has takygy, wirtual hakykatly şlem öndürer. Bu barada “MacRumors” neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

“DigiTimes”-iň habaryna görä, Apple-iň wirtual we goşmaça hakykatly gulaklygynyň önümçiligine 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde başlanar. Amerikan kompaniýasy täze önümi ýylyň üçünji ýa-da dördünji çärýeginde tanyşdyrmagy meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda Apple bu önümiň prototipini işläp taýýarlamak we synagdan geçirmek işini tamamlady. Şeýlelikde, kompaniýa enjamy indiki ýylyň birinji ýarymynda üpjün edijilerine ýygnamak üçin ibermäge taýyn bolar. Apple-iň ilkinji VR äýneginiň şu güýzde, takmynan, noýabr aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, Apple dürli bazar segmentleri üçin enjamyň birnäçe görnüşini öndürmegi meýilleşdirýär diýip, çeşme habar berýär.


düýn 15:34
917

Android 17 agyr goşundylary awtomat ýagdaýda öçürip başlar

Android 17-niň täze görnüşi ulgamy optimizasiýa etmek üçin agyr programmalaryň işini çäklendirer...

23.04.2026 16:17
3.1k+

Apple we Samsung ulanýanlar öz markalaryna örän wepaly bolup çykdy: pikir soraşma nämeleri görkezdi?

ABŞ-nyň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirilen täze barlaglar smartfon ulanyjylarynyň häzirki ulanýan markalaryna bolan ygrarlylygynyň 2021-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetendigini görkezdi....

22.04.2026 17:02
1.1k+

Hytaýda AI-niň zerurlyklary üçin niýetlenen kuwwatly hasaplaýyş klasteri işe girizildi

Çençžou şäherinde Hytaýyň iň uly ylmy hasaplaýyş klasteri işläp başlady, ol çylşyrymly ylmy barlaglary awtomatlaşdyrmak üçin 60 000 emeli aň tizlendirijisini özüne birleşdirýär....

22.04.2026 16:55
7.4k+

Trampyň heniz çykmadyk smartfonynyň dizaýny täzelendi

Trump Mobile kompaniýasy özüniň resmi saýtyny täzeledi we T1 Phone smartfonynyň täzeden işlenilen wersiýasyny hödürledi....